Donald Tramp saud arabystanly žurnalist Kaşykçy bilen bagly beýanat berdi

Tramp Amerikan New York Times gazedine beren interwýusynda, Kaşykçy wakasynyň üstünde durup geçdi

1071670
Donald Tramp saud arabystanly žurnalist Kaşykçy bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy barada: “Eger adatdan daşary bir keramat bolmasa, onuň ölendigini kabul edýärin. Bu maglumat gelen ähli razwedka maglumatlaryna esaslanýar” diýdi.

Tramp Amerikan New York Times gazedine beren interwýusynda, Kaşykçy wakasynyň üstünde durup geçdi.

Özüne berilen razwedka maglumatlaryna esaslanyp Kaşykçynyň ölendigine ynanýandygyny aýdan Tramp, bu wakanyň jogapkäriniň kimdigini kesgitlemek üçin ilki bilen ähli subutnamalaryň seljerilmelidigini habar berdi.

Amerikan New York Times gazedi, Amerikan razwedkasynyň Kaşykçynyň öldürilmeginde Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmanyň rolunyň bardygy baradaky maglumatlara eýediklerini mälim etdi.

Emma Tramp wakalary doly ýagdaýda anyklamak üçin degişli ýurtlar bilen ýakyndan işleşýändiklerini beýan etdi.

Tramp ýurdyň Montana ştatyndaky saýlaw kampaniýasynda hem metbugat işgärleriniň Kaşykçy bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

“Siziň pikiriňizçe Kaşykçy öldümi?” soragyna Tramp, “Hawa şolar ýaly görünýär. Bu örän gynandyryjy” diýip jogap berdi.

Tramp, Jemal Kaşykçynyň dereksiz ýitmegi we ölüminiň jogapkäriniň resmi Riýad bolmagy ähtimallygy bilen bagly bolsa: “Munyň netijesi agyr bolar” diýip belledi.
Donald Tramp, ozal bolsa Saud Arabystany bilen baglaşylan ýarag ylalaşygyny bes etmegi meýilleşdirmeýändigini habar beripdi.



Degişli Habarlar