Kardor: “Tramp syýasy blef edýär”

Eýranyň Milli Nebit kompaniýasynyň baş müdiri Ali Kardor resmi Tähranyň nebit eksportynyň doly aýyrjakdyklaryny öňe süren ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň syýasy blef edýändigini aýtdy

Kardor: “Tramp syýasy blef edýär”

Eýranyň ýarym resmi Tesnim” habarlar gullugyna beýanat beren Kardor ABŞ-nyň 5-nji noýabrda güýje girmegine garaşylýan we Eýranyň nebit eksportyna goýulan iki tapgyr sanksiýalary barada garaýyş beýan etdi.

Trampyň Eýranyň nebit eksportyny azaltmak ugrundaky tagallasynyň birnäçe aý ozal başlandygyny aýdan Kardor; “ABŞ-nyň Prezidenti bu meselede etmeli zatlarynyn ählisini etdi we Eýranyň nebit eksportyny doly bes etdirjekdigi baradaky beýanatynyň syýasy blefden ybaratdygyny gowy bilýär” diýdi.

Kardor 5-nji noýabrdaky sanksiýalarda Eýrana garşy peýdalanyljak ýörite şertiň bolmandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar