Birleşen Şalykda ýigrenç jenaýatlary soňky 5 ýylda 123 esse ýokarlady

İçeri işler ministrliginiň çap eden görkezilerine görä Britaniýada we Gallerde geçen ýyl edilen ýigrenç jenaýatlary 17 göterima rtan bolsa, 2012-nji ýyldan bäri şol mukdar 123 göterime deň boldy

Birleşen Şalykda ýigrenç jenaýatlary soňky 5 ýylda 123 esse ýokarlady

Britaniýada we Gallerde geçen 94,098 sany ýigrenç jenaýaty bellige alyndy.

Beýanatda ýigrenç jenaýatlarynyň sanynyň artmağynda Britaniýanyň ÝB-den çykmak baradaky kararynyň kabul edilen referendumy bilen geçen ýylky terror hüjümleriniň arasynda baglanşygyň bardygy beýan edildi.

Britaniýada bellige alynan ýigrenç jenaýatlarynyň 52 göterimi “dini” sebäplere esaslanýan bolsa, şol hüjümleriň esasy bölegi musulmanlara garşy edildi.

Britaniýadan, Gallerden, Şotlandiýadan we Demirgazyk İrlandiýadan emele gelýän Birleşen Şalykda 2,8 milliona golaý musulman ilat ýaşaýar.

 


Etiketkalar: jenaýat , Britaniýa

Degişli Habarlar