Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsuly Ýurduna Gitdi

Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsuly Muhammed Uteýbiniň sagat 17:00-da Atatürk howa menzilinden uçar bilen ýurduna gaýdandygy mälim edildi

Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsuly Ýurduna Gitdi

Daşary işler ministrligi, Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsuly bilen baglanşykly Türkiýe tarapyndan kabul edilen hiç hili kararyň ýokdugyny habar berdi. 

Başkonsulyň Saud Arabystanyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşmak maksady bilen ýurduna gaýdan bolup biljekdigi öňe sürülýär. 

Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsuly Muhammed Uteýbi 2-nji oktýabrda Jemal Kaşykçynyň ýitmeginden soň öz otagyndan çykmandygy mälim edilipdi. 

 



Degişli Habarlar