Wenesuelanyň Prezidenti ABŞ-ni günäkärledi

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümeti özüniň janyna kast etmäge synanyşmak bilen günäkärledi

Wenesuelanyň Prezidenti ABŞ-ni günäkärledi

Maduro döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, Ak Tamyň Kolumbiýanyň hökümetine özüni öldürmek üçin buýruk berendigini öňe sürdi.

“Bu ýerde bütin dünýä seslenýärin. Madurony öldürmek buýrugy, meni öldürmek isleýän Ak Tam tarapyndan Kolumbiýanyň hökümetine berildi” diýen Maduro: “Saçymyň ýekeje bir gylyna hem el degirip bilmezler” diýdi.

Şu ýylyň awgust aýynda ýurdyň paýtagty Karakasdaky harby ýörüş dabarasynda Madorunyň janyna kast edilmäge synanyşyldy, bomba ýüklenen dron bilen guralan hüjümde 7 esger ýaralanypdy.



Degişli Habarlar