Saud Arabystanyň wekiliýeti Türkiýä geldi

Saud Arabystanyndan bir wekiliýet, žurnalist Jemal Kaşykçynyň ýitmegi sebäpli geçirilýän derňew işiniň çäginde Türkiýäniň paýtagty Ankara geldi

Saud Arabystanyň wekiliýeti Türkiýä geldi

Paýtagt Ankara gelen Saud Arabystanly wekiliýet bilen türk resmileriniň arasynda şu hepdäniň ahyrynda gepleşikler geçirilmegine garaşylýar.

Saud Arabystanly reformistler üçin möhüm bir platforma bolan Al Watan gazedine goldaw beren we şol bir wagtda Washington Post gazedinde makala ýazan žurnalist Jemal Kaşykçydan 2-nji oktýabrda resmi işler üçin Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygyna gireninden soň hiç hili habar alyp bolmady.  

Howpsyzlyk çeşmeleri Kaşykçynyň Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygyndan çykmandygyny tassyklady, binada şol sagatlarda  Stambula 2 uçar bilen gelen, aralarynda ýurdyň resmileri hem bolan 15 adamyň bolandygyny, şol adamlaryň birnäçe sagat soň Saud Arabystanyna ýaňadandan gidendiklerini mälim etdi.

Stambulyň Respublikan Baş prokuraturasy tarapyndan Kaşykçynyň ýitmegi bilen bagly başladylan derňew işi dowam edýär.



Degişli Habarlar