Germaniýada ýolagçy otlusy ýandy

Wakada ýogalanyň we ýaralananyň bolmandygy habar berildi

Germaniýada ýolagçy otlusy ýandy

Germaniýanyň Keln şäherinden Frankfurta tarap giden ýolagçy otlusynda ýangyn boldy.

Wakada ýogalanyň we ýaralananyň bolmandygy habar berildi.

Ertiriň irki sagatlarynda başlan ýangyn sebäpli maddy taýdan uly ýitgi çekildi.

Otludaky 510 ýolagçy halas edildi.

Ýangyn sebäpli Keln bilen Frankfurtyň arasyndaky otly saparlaryna birnäçe wagt arakesme berildi.


Etiketkalar: ýangyn , otly , ýolagçy , Germaniýa

Degişli Habarlar