Kerkükde bombaly hüjüm guraldy

Wakada 1 adam ýogaldy

Kerkükde bombaly hüjüm guraldy

Yragyň Kerkük şäherinde ýola ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Kerkükiň Polisiýa edarasynyň müdüri Ali Kemal, Bagdat Ýoly etrapçasynda ýola ýerleşdirilen bombanyň partlandygyny habar berdi.  

Ali Kemal, partlamada 1 adamyň ýogalandygyny, 4 adamyň ýaralanandygyny, golaýdaky öý we iş ýerlerine zeper ýetendigini mälim etdi.

Jogapkärleriň şahsyýetleriniň entek anyklanmandygyny aýdan Ali Kemal, jogapkärleriň tapylmagy üçin giň gerimli derňew işini başladandyklaryny beýan etdi.


Etiketkalar: bomba , Kerkük , Yrak

Degişli Habarlar