Indoneziýadaky ýer titremede we sunamide ýogalan adamlaryň sany 2 müňden hem geçdi

Indoneziýanyň Sulawesi adasyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide ýogalan adamlaryň sany 2 müň 65-e ýetdi

Indoneziýadaky ýer titremede we sunamide ýogalan adamlaryň sany 2 müňden hem geçdi

Republika gazediniň berýän habaryna görä, sebitdäki harby resmiler, 28-nji sentýabrda bolan ýer titremede we ondan soň bolan sunamide ýogalan adamlaryň sanynyň 2 müň 65-e ýetendigini, dogan-garyndaşlardan gelen habarlara görä ýene-de 680 adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdiler.  

Sebitde resmi ýagdaýda alynyp barylan gözleg we halas ediş işleriniň bu gün bes ediljekdigini aýdan resmiler, meýletinleriň we dereksiz ýiten adamlaryň dogan-garyndaşlarynyň gözleg işlerini dowam etdirip biljekdigini we sebitdäki adatdan daşary ýagdaý bilen bagly işleriň aýyň ahyryna çenli dowam etjekdigini habar berdiler.

Beýleki tarapdan ýurdyň Gündogar Ýawa welaýatynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Situbondo şäheriniň suw giňişliginde bolan ýer titreme sebäpli 3 adam ýogaldy.

Milli Apat dolanşygy agentligi, 6,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň täsiriniň iň köp duýulan ýeriniň, ýagny welaýatyň Gaýam diýilen ýerinde 3 adamyň ýogalandygyny beýan etdi.  

Beýanatda ýer titremäniň duýulan ýerleriniň arasyndaky Bali adasynyň Jembrana diýilen ýerinde hem käbir öýlere zeper ýetendigi mälim edildi.



Degişli Habarlar