Içalylyk etmek bilen günäkärlenýän hytaýly ABŞ-e iberildi

Beýanatda, ýurdyň taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtda ýaşap, içalylyk bilen günäkärlenýän bir adamyň ABŞ-e iberilendigi mälim edildi

Içalylyk etmek bilen günäkärlenýän hytaýly ABŞ-e iberildi

ABŞ-niň Adalat ministrligi, Hytaýyň adyndan ykdysadyýet ugrunda içalylyk etmek we ABŞ-niň awiasia kärhanalarynyň söwda syrlaryny ogurlamak bilen aýyplanan hytaýly bir adamy, Belgiýadan aldy.

ABŞ-niň Adalat ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, içalylyk etmek bilen günäkärlenip, Belgiýada tussaglykda saklanan Hytaýyň Milli Howpsyzlyk ministrliginiň işgäri Ýanžun Şu atly hytaýly raýatyň ABŞ-e iberilendigi habar berildi.

Beýanatda, ýurdyň taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtda ýaşap, içalylyk bilen günäkärlenýän bir adamyň ABŞ-e iberilendigi mälim edildi.

ABŞ-niň Milli howpsyzlyk gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Jon Demers bolsa öz gezeginde: “Bu mesele ozal görülmedik bir mesele däl, Hytaýyň Amerika garşy alyp barýan ykdysady syýasatyň bir bölegi. Beýleki ýurtlaryň maýalarymyzyň we aklymyzyň miwelerini ogurlamagyna rugsat bermeris. Başga ýurtlaryň biziň miwelerimizi ýygnamagyna rugsat bermeris” diýdi.

Geçen hepde hem ABŞ-niň Wise-prezidenti Maýk Pens, Hytaýyň howpsyzlyk guramalaryny amerikan tehnologiýasyny ogurlamak bilen günäkärläpdi.


Etiketkalar: Belgiýa , içalylyk , Hytaý , ABŞ

Degişli Habarlar