Donald Tramp, saud arabystanly žurnalist Kaşykçy bilen bagly täze beýanat berdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, dereksiz ýiten Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykça näme bolandygyny ýüze çykarmalydyklaryny habar berdi

Donald Tramp, saud arabystanly žurnalist Kaşykçy bilen bagly täze beýanat berdi

Tramp Fox News kanalyna beren beýanatynda, 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullugyna girenden soň hiç hili habar alynmadyk Amerikada çap edilýän “Waşington Post” gazetiniň žurnalisti, Saud Arabystanynyň raýaty Jemal Kaşykçynyň ýitmegi bilen bagly ýene-de bir beyanat berdi.

Türkiýedäki amerikaly derňew toparlarynyň Kaşykçy wakasy bilen bagly derňew işlerini geçirjekdigini aýdan Tramp: “Waka ýakyndan gözegçilik edýäris. ABŞ degişli toparlar waka bilen gyzyklanmaga başlady. Jemal Kaşykça näme bolandygyny ýüze çykarmaga mejburdyryn” diýdi.

Tramp, Jemal Kaşykçy hadysasy bilen bagly ýurdunyň Saud Arabystanyna ýarag satuwyny bes etmejekdigini beýan etdi.

Kaşykçynyň ykbaly bilen bagly hadysalary ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Amerikanyň Prezidenti, bu ýurda ýarag satuwynyň bes edilmegi bilen bagly çagyryşlara jogap hökmünde: “Bular ýaly ädim bize bähbitli bolmaz” diýdi.

Tramp dereksiz ýiten Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykça bilen bagly düýn hem beýanat beripdi.



Degişli Habarlar