Günorta Hytaý deňizinde ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi

Hytaýa degişli harby gämiler, Günorta Hytaý deňizindäki jedelleşikli adalaryň suw giňişligine giren amerikan "USS Decatur" esmines gämisiniň öňüni aldy

1060365
Günorta Hytaý deňizinde ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi

Hytaýly bir resmi, öňüni alyş etabynda Hytaýyň gämileriniň Amerikan gämisine howply aralyga çenli ýakynlaşandygyny habar berdi.

ABŞ-niň mediasy Hytaýyň harby gämileriniň Amerikan esmines gämisine 15 metre çenli ýakynlaşandygyny mälim etdi.

ABŞ-niň gämileriniň jedelleşikli Spartly adalarynyň halkara hukuga görä 12 mil bolan suw giňişligine girmegi sebäpli, Hytaýyň gämileri tarapyndan öňüniň alynandygy beýan edildi.

ABŞ-niň Floty "USS Decatur" atly esmines gämisiniň geçen hepdäniň ýekşenbe güni sebitdäki ýurtlaryň arasynda jedelleşiklere sebäp bolan Spartly adalarynyň 12 millik suw giňişligine girendigini mälim edipdi.

Beýleki tarapdan şu aý Hytaýa sapar guramagy meýilleşdiren ABŞ-niň Goranmak ministri Jeýms Mattisiniň saparyny goý bolsun edendigi aýan boldy.  



Degişli Habarlar