"Russiýanyň Siriýa S-300 howa goranyş ulgamyny bermegi sebitdäki dartgynlygy has-da möwjedip biler"

ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Bolton resmi Moskwanyň Siriýa döwrebap raketa goranyş ulgamyny ornaşdyrmagynyň dartgynlygy möwjedip biljekdigini aýtdy

"Russiýanyň Siriýa S-300 howa goranyş ulgamyny bermegi sebitdäki dartgynlygy has-da möwjedip biler"

Bolton Nýu Ýorkda beren beýanatynda Russiýanyň Siriýa S-300 howa goranyş ulgamyny bermeginiň sebitdäki dartgynlygy has-da möwjedip biljekdigini belledi.

ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi resmi Moskwanyň kararyny ýaňadandan gözden geçirmelidigini we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen mesele barada pikir alyşjakdygyny nygtady.

Sebitdäki amerikan güýçlerine alada bildirýändiklerini, ysraýyllylaryň hem “Eýranyň hüjüm ediji tutumyna” garşy özlerini goramak hukugynyň bardygyny aýdan Bolton, Eýranyň sebite ýetirýän täsiri azalýança amerikan güýçleriniň Siriýadan çekilmejekdigini ýatlatdy.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu düýn Siriýa iki hepdäniň dowamynda S-300 howa goranyş ulgamlaryny berjekdiklerini mälim edipdi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow hem Siriýa beriljek şol ulgamyň üçünji ýurtlary nyşana almaýandygyny aýdypdy.


Etiketkalar: Nýu-Ýork , ABŞ , Jon Bolton

Degişli Habarlar