Lwowda rus dilinde aýdym aýtmak we rus aýdymlaryny diňlemek gadagan edildi

Ukrainanyň günbatarynda, milletçileriň köp bolan Lwow welaýatynda rus diliniň köpçülikleýin ýerlerde ulanylmagy gadagan edildi

1055765
Lwowda rus dilinde aýdym aýtmak we rus aýdymlaryny diňlemek gadagan edildi

Lwowyň häkimligi Rusça medeniýet önümleriniň ulanylmagynyň gadagan edilmegi baradaky karary tassyklady.

Kararyň “Russiýanyň Ukraina basyp alyjylygyny bes edýänçä çenli” dowam etjekdigi aýdylýan gadagançylygyň çäginde, Lwow welaýatynyň serhetleriniň çäginde adamlaryň üýşen ýerlerinde rusça aýdym aýtmak, diňlemek, rus dilindäki telewideniýe kanallaryna tomaşa etmek gadagan edildi.

Gadagançylygyň düzgünleri bozulan halatynda nähili jezanyň beriljekdigi entek doly kesgitlenmedi. Emma rus dilindäki çykyşlaryň we aýdymlaryň ýerine ýetirilýän ýerleriniň ygtyýarnamalarynyň ellerinden alynyp bilinjekdigi, rus dilini döwlet edaralarynda ulanan adamlara garşy hukuk taýdan çäre görülip bilinjekdigi aýdylýar.

Lwowly resmiler gadagançylygyň bütin Ukrainada bolmagyny teklip etdiler.

Ukraina ozal bolsa rus dilinde bilim berilmegini gadagan edipdi.

rus saýtlarynyň gadagan edilen, mediada rus ýaýlymlaryň çäklendirilen ýurtda, Dostoýewskiý, Tolstoý ýaly rus ýazyjylaryň eserleri hem okuw meýilanamalaryndan çykarylypdy.


Etiketkalar: #Ukraina , #welaýat , #rus dili

Degişli Habarlar