ABŞ-niň Adalat ministriniň orunbasarynyň wezipesinden çekilendigi öňe sürüldi

ABŞ-niň Adalat ministriniň orunbasary Rod Rozenşteýniň wezipesinden boşadylmagyna garaşmadan, özüniň wezipesinden çekilendigi öňe sürüldi

1056112
ABŞ-niň Adalat ministriniň orunbasarynyň wezipesinden çekilendigi öňe sürüldi

CNN-de berilen habarda, degişli guramalardan, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň gürrüňlerini gizlin ýagdaýda ýazga alynmagyny islemek we ABŞ-niň Konstitutsiýasynyň döwlet ýolbaşçysynyň wezipesinden boşadylmagyny üpjün etjek 25-nji maddasyny güýje girizmek üçin tagalla etmek bilen aýyplanýan Rod Rozenşteýniň wezipesinden çekilendigi öňe sürüldi.

Ak Tam tarapyndan berilen beýanatda bolsa Trampyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde bolandygy we penşenbe güni Rod Rozenşteýn bilen duşuşjakdygy mälim edildi.

Geçen hepde Amerikan mediasynda berilen habarlarda, Rod Rozenşteýniň geçen ýyl, degişli guramalardan, Trampyň gürrüňlerini gizlin ýagdaýda ýazga almak isländigi we ABŞ-niň Konstitutsiýasynyň 25-nji maddasyna laýyklykda Trampyň wezipesinde çekilmegi üçin tagalla edendigi orta atylypdy.

Adalat ministrligi bolsa Rod Rozenşteýniň oýun edendigini öňe sürüpdi.



Degişli Habarlar