"Tähranyň günäkärlemeleri asylsyzdyr”

Birleşen Arap Emirlikleri Eýranyň Ahwaz şäherinde guralan ýaragly hüjümiň ýurdy bilen arabaglanşygynyň bardygy hakyndaky günäkärlemeleri kabul etmedi

1055555
"Tähranyň günäkärlemeleri asylsyzdyr”

Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işlerinden jogapkär Döwlet ministri Enwer Karkas Twitter arkaly beren beýanatynda,  Eýranyň Ahwaz şäherinde guralan hüjümden soň ýurduna ýöňkelýän günäkärlemeleriň “asylsyzdygyny” nygtady.

Karkas “Eýranda resmi taýdan Birleşen Arap Emirliklerine garşy meçew beriji hereketleriň alnyyp barylmagy gynandyjy. Ahwaz şäherindäki hüjümden soň Birleşen Arap Emirliklerine garşy meçew beriji hereketleri artýar. Birleşen Arap Emirlikleri terrora garşy berk tutum alyp barýar we Tähranyň günäkärlemeleri asylsyzdyr” diýdi.

Eýranda şenbe güni Ahwaz şäherinde guralan hüjüm sebäpli Birleşen Arap Emirlikleriniň Eýrandaky geňeşçi ilçisi Daşary işler ministrligine çagyrlypdy we degişli duýduryşlar berlipdi.

 


Etiketkalar: #BAE , #Ahwaz şäheri , #Eýran

Degişli Habarlar