Russiýa Siriýa S-300 ulgamlaryny ornaşdyrar

Russiýa Siriýa S-300 ulgamlaryny ornaşdyrar

Russiýa Siriýa S-300 ulgamlaryny ornaşdyrar

Ysraýylyň rus uçaryny urup düşürmeginden soň Moskwadan ilkinji göçüm geldi.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Siriýa S-300 ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy barada kararyň kabul edilendigini aýtdy.

Ministr Şoýgu ozal Ysraýylyň talabyna laýyklykda ugradylmagy saklanan S-300 howadan goranyş ulgamlarynyň iki hepdäniň dowamynda Siriýa ugradyljakdygyny aýtdy.

Howadan goranyş ulgamy 250 kilometr alysdaky howa ulaglarynyň öňüni almak we birnäçe howa nyşanasyny şol bir wagtda hatardan çykarmak ukybyna eýe.

Ysraýyl, uçarlarynyň uçandan gysga wagt soň şol ulgamlar tarapyndan urlup düşürilmegine alada bildirýär.

 


Etiketkalar: S-300 , Siriýa , Russiýa

Degişli Habarlar