Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý ýene-de göz tussaglygyna alyndy

Russiýanyň oppozisionerlerinden Galplyga garşy göreş gaznasynyň esaslandyryjysy Alekseý Nawalnyý, tussaghanadan çykyp-çykmanka ýaňadandan göz tussaglygyna alyndy

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý ýene-de göz tussaglygyna alyndy

Nawalnynyň syýasy hereketini dolandyrýan Leonid Wolkow, sosial media hasabyndan, 30 günlik tussaglygyny tamamlan Nawalnynyň tussaghandan çykan mahaly ýaňadandan göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.

Nawalnynyň mitingleriň birinde käbir adamlaryň ýaralanmagyna we emläklerine zeper ýetmegine sebäp bolmak aýyplamasy bilen göz tussaglygyna alynandygyny aýdan Wolkow, Alekseý Nawalynyň ýene-de 20 gün tussaghanda galyp biljekdigini habar berdi.

Alekseý Nawalnyý, geçen aý öýüniň öňünde göz tussaglygyna alynypdy we paýtagt Moskwada Twerskoý raýonynyň kazyýeti tarapyndan 28-nji ýanwarda gatnaşan mitingi sebäpli 30 gün tussaglykda saklanmak barada karar kabul edilipdi.

Nawalnyý ýanwar aýynda hökümetiň pensiýa ýaşynyň ýokarladylmagy bilen bagly kanun taslamasyny protest etmek maksady bilen halky köçä çykmaga çagyrdy.



Degişli Habarlar