Donald Tramp, Eýranyň Prezidenti bilen duşuşmak isleýär

Maýk Pompeo, Amerikan NBC telewideniýe kanalynda berilýän gepleşikleriň birinde, şu gün başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň üstünde durup geçdi

1055208
Donald Tramp, Eýranyň Prezidenti bilen duşuşmak isleýär

ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Prezident Donald Trampyň bu hepde Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşmak isleýändigini habar berdi.

Maýk Pompeo, Amerikan NBC telewideniýe kanalynda berilýän gepleşikleriň birinde, şu gün başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň üstünde durup geçdi.

Pompeo: “Prezident Tramp, islendik pursat biri bilen duuşmakdan hoşal bolar we bu babatda örän açyk” diýdi, emma duşuşyk talabynyň Eýranyň lideri Hasan Ruhani tarapyndan bildirilmeldigini nygtady.  

Beýleki tarapdan 140-dan gowrak döwlet we hökümet baştutanlaryny bir ýere jemlejek BMG-niň Baş Assambleýasynda Demirgazyk Koreýany ýadro programmasy sebäpli geçen ýyl “Ýok etmek” bilen hemle atan Trampyň, bu ýyl bolsa Eýrany nyşana almagyna garaşylýar.

Tramp mundan başgada, ilkinji gezek ABŞ-niň BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň sentýabr aýynyň döwürleýin başlygy bolmagy sebäpli 26-njy sentýabrda geçiriljek “Eýranyň ýadro ylalaşygy we köpçülikleýin gyrýan ýaraglar” bölümine ýolbaşçylyk eder we geňeşiň başlygy hökmünde başlygyň çekijini ulanar.



Degişli Habarlar