Russiýa, Siriýada ýere gaçan uçar bilen bagly Ysraýyly günäkärledi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Siriýada rus Il-20 kysymly harby uçaryň ýere gaçmagynyň jogapkäriniň Ysraýylyň harby howa güýçleridigini nygtady

Russiýa, Siriýada ýere gaçan uçar bilen bagly Ysraýyly günäkärledi

Igor Konaşenkow geçiren brifinginde, 17-nji sentýabrda rus uçary Il-20-niň Siriýada ýere gaçyrylmagy bilen bagly maglumatlary paýlaşdy.

Ysraýyla degişli 4 sany F-16 uçarynyň Siriýadaky nyşanalara hüjüm guramadan 1 minut ozal rus tarapyna maglumat berendigini aýdan Konaşenkow, Ysraýyl uçarlarynyň 21:40-dan gysga wagt öň beren maglumatyna görä ýurdyň demirgazygynda dälde, günbatarynda ýerleşýän Latakiýe welaýatyndaky senagat desgalaryny nyşana alandygyny habar berdi.

Konaşenkow, Ysraýyl tarapynyň, rus tarapyna öňünden dälde, operasiýanyň başlamagy bilen birlikde maglumat berendigine ünsleri çekip: “Bu aksiýa, umumy iş toparlarynyň işleriniň çäginde 2015-nji ýylda baglaşylan Siriýadaky iki ýurdyň Ýaragly güýçleriniň arasynda wakalaryň öňüniň alynmagy ylalaşygynyň düzgünleriniň gönüden bozulmagydyr” diýdi.

Ysraýylyň uçarlarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat berilmändigini aýdan Konaşenkow, 21:51-de Siriýanyň howa goranyş ulgamlarynyň işlemäge başlandygyny mälim etdi. Ilkinji hüjümden soň, Ysraýylyň uçarlarynyň täze bir hüjüm guramak üçin ýene-de taýýarlyk görendigini aýdan Konaşenkow, 21:59-da täze bir hüjüm guramak üçin gelýän Ysraýyl uçarlarynyň biriniň manýowr edip, Il-20 uçaryna golaýlaşandygyny habar berdi.

Şol wagt Il-20-niň gonmaga başlandygyny aýdan Konaşenkow, Siriýanyň howa goranyş ulgamynyň bolsa muny täze bir hüjüm hökmünde görendigini beýan etdi.

Şol wagt Hmeýmim bazasyna gonmak üçin aşak düşmäge başlan Il-20 uçarynyň Siriýanyň howa goranyş ulgamynyň nyşanasyna öwrülendigini aýdan Konaşenkow: “Ysraýyl uçarlary, rus Il-20 uçaryny howa goranyş ulamyna garşy galkan hökmünde ulanyp, manýowr etmäge dowam etdi. Sagat 22:03-de Siriýanyň howa goranyş ulgamy has uly we has ýakyn bir nyşana bolan Il-20 uçaryna od açdy. Ekipažyň kapitany uçardaky ýangyny we uçaryň ýere gaçmaga başlandygyny habar berdi. Sagat 22:07-de uçar radardan ýitdi” diýip habar berdi.

Rus Il-20 uçary, 17-nji sentýabrda Siriýanyň hökümetine degişli S-200 howa goranyş ulgamy tarapyndan od açylyp, ýere gaçyrylupdy we Russiýa, Ysraýyla degişli F-16 uçarlarynyň, Il-20 uçaryny galkan hökmünde ulanandygy üçin uçaryň raketa hüjümine sezewar galandygyny mälim edipdi.


Etiketkalar: Siriýa , uçar , Ysraýyl , Russiýa

Degişli Habarlar