Eýranda guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany 25-e ýetdi

Eýranyň Ahwaz şäherinde düýn guralan ýaragly hüjümde ýogalan adamlaryň sany 25-e ýetdi

Eýranda guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany 25-e ýetdi

Eýranyň döwlet telewideniýesi, Eýran-Yrak söweşiniň başlamagynyň 38 ýyllygy mynasybetli Ahwaz şäherinde geçirilen harby dabaranyň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sanynyň 25-e, ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa 60-a ýetendigini mälim etdi.  

Ýogalanlaryň arasynda bir polkownik we kapitan çinli ofiserler bilen birlikde 17 harbynyň bardygy, ýogalan adamlaryň galanynyň bolsa asuda ilatdandygy habar berildi.

Asri Junub žurnalynda işleýän Ýunus Purhulu atly žurnalistiň hem hüjümde ýogalandygy beýan edildi.

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň metbugat geňeşçisi Ramazan Şerif, hüjümiň El Ahwaziýe guramasy tarapyndan guralandygyny habar berdi.

Şerif bu toparyň Saud Arabystany tarapyndan goldanýandygyny beýan etdi.

El Ahwaziýe ady bilen tanalýan Ahwaz Halky Demokratik Fronty, Eýranyň günorta-günbatarynda garaşsyz bir Arap ýurduny esaslandyrmak isleýän ekstremist bir gurama diýip bilinýär.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif bolsa özüniň twitter hasabyndan beren beýanatynda hüjümiň jogapkäriniň ABŞ we terrory goldaýanlardygyny beýan etdi.

Eýranyň Baş ştabynyň metbugat geňeşçisi Ebulfazl Şikarçi, ABŞ-nyň, Ysraýylyň we Saud Arabystanynyň Ahwazdaky ýaragly hüjümiň jogapkäridigini belläp: “Bu aksiýalar jogapsyz galmaz” diýip nygtady.

Şikarçi 4 hüjümçiniň ýaraglaryny birnäçe gün ozal Pars aýlagyna degişli ýurtlardan alandygyny we dabaranyň geçiriljek ýerinde bukandygyny mälim etdi.

Şikarçi 4 hüjümçiden 3-siniň wakanyň bolan ýerinde, 4-nji hüjümçiniň bolsa hassahanada ýogalandygyny habar berdi.

Eýranyň Mejlisiniň Milli howpsyzlyk we Daşary syýasat komissiýasynyň metbugat geňeşçisi Ali Nejefi bolsa Ahwazdaky hüjümiň şu gün geçiriljek maslahatda ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny beýan etdi.


Etiketkalar: hüjüm , Ahwaz , Eýran

Degişli Habarlar