Putin terrorçylykly hüjüm sebäpli Eýrana gynanç bildirdi

Putin terrora garşy göreşde Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny belledi

Putin terrorçylykly hüjüm sebäpli Eýrana gynanç bildirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin  Eýranyň Ahwaz şäherinde harby çäre geçirilýärkä guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli eýranly kärdeşine gynanç bildirdi.

Rus lideri Putin terrora garşy göreşde Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny belledi.

Putin mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda “Ahwaz şäherindäki terrorçylykly hüjüme uly gynanç bildirýäris. Waka terrora garşy hyzmatdaşlygyň möhümdigini ýene-de bir gezek görkezdi. Eýran bilen terrora garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardygymyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýdi.

Putin hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

 



Degişli Habarlar