Eýranda harby çärä guralan terrorçylykly hüjümde 24 ýogaldy

Ahwaz şäherinde Goranyş hepdeligine bagyşlanyp harby çäre geçirilýärkä terrorçylykly hüjüm guraldy

Eýranda harby çärä guralan terrorçylykly hüjümde 24 ýogaldy

Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşýän Ahwaz şäherinde geçirilýän harby çärä guralan terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 24ýogaldy, 53 adam ýaralandy.

Ahwaz şäherinde Goranyş hepdeligine bagyşlanyp harby çäre geçirilýärkä terrorçylykly hüjüm guraldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda harby egin eşigini geýen hüjümçileriň howpsyzlyk güýçlerine ot açandygy nygtaldy.

Terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda 10 minut dowam eden çaknyşyklarda 24 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Eýranyň resmi ERNA habarlar gullugy bolsa hüjümde 53 adamyň ýaralanandygyny, hüjümçilerden 4-niň öldürlendigini habar berdi.

 

 



Degişli Habarlar