"Eýranda guralan terrorçylykly hüjümden ABŞ, Ysraýyl we Saud Arabystany jogapkär"

Ahwaz şäherinde harby çäre geçirilýärkä guralan ýaragly hüjümde 24 adam ýogalypdy, 53 adam ýaralanypdy

"Eýranda guralan terrorçylykly hüjümden ABŞ, Ysraýyl we Saud Arabystany jogapkär"

 

Eýranyň Baş ştabynyň başlygynyň orunbasary Abulfazl Şikarçi Eýranda guralan terrorçylykly hüjümden ABŞ-nyň, Ysraýylyň we Saud Arabystanynyň jogapkärdigini öňe sürdi.

Şikarçi 4 hüjümçiniň ýaraglaryny birnäçe gün ozal Pars aýlag ýurtlaryndan alandygyny we harby çäreleriň geçiriljek meýdanyna gelendiklerini nygtady.

Hüjümi guran toparyň ABŞ we Ysraýyl bilen arabaglanşygynyň bardygyny aýdan Şikarçi “Topar Pars aýlag ýurtlaryndan alan harby we maddy goldawy bilen hüjümi gurady” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif hem ýurduň günorta günbatarynda ýerleşýän Ahwaz şäherinde harby çäre geçirilýärkä guralan hüjümden ABŞ-nyň we terrora goldaw berýän hyzmatdaşlarynyň jogapkärdigini aýdypdy.

Şu gün irden Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäherinde harby çäre geçirilýärkä guralan ýaragly hüjümde 24 adam ýogalypdy, 53 adam ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar