DAIŞ Eýranda guralan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy

DAIŞ-iň ýaýlym organy Amak, Ahwazdaky terrorçylykly hüjümiň gurama tarapyndan guralandygyny habar berdi

DAIŞ Eýranda guralan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy

Terror guramasy DAIŞ Eýranyň Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäherinde guralan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Eýranly ýolbaşçylar Eýran-Yrak urşunyň 38 ýyllygy mynasibetli harby çäre geçirilýärkä guralan hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

DAIŞ-iň ýaýlym organy Amak, Ahwazdaky terrorçylykly hüjümiň gurama tarapyndan guralandygyny habar berdi.

Habarda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň hem harby çärä gatnaşandygy öňe sürüldi.

Emma Ruhani DAIŞ-iň öňü sürüşi ýaly Ahwazda däl, eýsam paýtagt Tähranda geçirlen harby çärä gatnaşdy.

 

 



Degişli Habarlar