Lawrow ABŞ-nyň sanksiýalaryny “Nähak basleşik” häsýetlendirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň ýurduna goýan sanksiýalaryny “nähak bäsleşik” hökmünde häsýetlendirdi

Lawrow ABŞ-nyň sanksiýalaryny “Nähak basleşik” häsýetlendirdi

Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewoda kardeşi İgor Jrnadak bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren Lawrow, ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň özlerini geň galdyrmandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Russiýanyň raýatlary bilen kanuny taraplaryna goýan täze sanksiýalarynyň nähak bäsdeşlikdigini we dollar ulgamyndaky çökgünligi görkezýandigini behan eden Lawrow: “Ýenede bir gezek dollar ulgamynyň özüni dolulygyna ygtybarsyzlaşdyrandygyny, dollara bolan ynamyň çaltlyk bilen azalýandygyny görýäris. Halkara walýuta-maliýe ulgamynyň kadalaryna bolan ynam uly zyýan çekdi, bu ulgamdan garaşsyz bolmak isleýän ýurtlaryň sany hem günsaýyn artýar” diýdi.

Resmi Waşington düýn sanksiýa sanawyna Russiýada goranyş we howpsyzlyk ugurlary bilen baglanşykly 27 rus raýatyna we kanuny tarapyna sanksiýa goýupdy.


Etiketkalar: Waşington , Idlib , Russiýa

Degişli Habarlar