Karbaşçiýan Ruhanini wezipeden çekilmäge çagyrdy

“Ruhani agras syýasatçy. Prezident agras däl, işjeň bolmaly”

Karbaşçiýan Ruhanini wezipeden çekilmäge çagyrdy

Eýranyň Galkynyş partiýasynyň başlygy Gulamhüseýin Karbaşçiýan Prezident Hasan Ruhanini wezipeden çekilmäge çagyrdy

“Endişeýi Puýa” žurnalyna interwýu beren reformaçy Gulamhüseýin Karbaşçiýan; “Eger Ruhani käbir bökdençlikler sebäpli bu iş bilen meşgullanýan bolsa, wezipeden gahrymanlarça çekilmeli we halka “eý adamlar, men etjek boldum, emma uly garşylyga sezewar boldum” diýmeli” diýdi.

Ruhaniniň gahryman bolmagy üçin diňe wezipeden çekilmegiň ýeterlik bolmajakdygyny, ony halkyň ýigrenýän syýasatçysy bolmakdan halas edip biljekdigini öňe süren Karbaşçiýan, Ruhaniniň we hökümetiň saýlawdan ozal maksatlaryna ýetip bilmändigini aýtdy.

Ruhani 2013-nji ýyldaky saýlawdan ozal syýasy waklara wagtynda reaksiýa görkezmänlikde günäkärlenendigini ýatladan Karbaşçiýan; “Ruhani agras syýasatçy. Prezident agras däl, işjeň bolmaly” diýdi.

Ýurtdaky reformaçylaryň ileri tutýan ugurlaryndan biri bolan “oppozisiýadaky liderlerden Mir Hüseýin Musawiniň öý tussaglygyndan boşadylmagynyň” Ruhanini ýakyndan gyzyklandyrmaýandygyny beýan eden Karbaşçiýan, Ruhaniniň ileri tutýan ugurlarynyň ýadro ylalaşygy we daşary syýasatdan ybaratdygyny, onuň hem ABŞ-nyň şol ylalaşykdan çekilmegi bilen netijesiz galandygyny nygtady.

Reformaçylara ýakynlygy bilen tanalýan Karbaşçiýan halkyň meselelerini asudalyk bilen çözmegi saýlap alandygyny, ýurtdaky reformaçylaryň we konserwatorlaryň konstruktiw özgertmeleri iş ýüzüne geçirmän halatynda halkdan goldaw tapmajakdygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar