Eýranda sil sebäpli 1 adam ýogaldy

3 adamdan bolsa hiç hili habar ýok

1053226
Eýranda sil sebäpli 1 adam ýogaldy

Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän 9 welaýaty täsiri astyna alan aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli 1 adam ýogaldy, 3 adamdan bolsa hiç hili habar ýok.

Gözleg we halas ediş edarasynyň başlygy Murteza Selimi aşa köp ýagýan ýagyşyň we tupanyň Gündogar Azerbaýjan, Günbatar Azerbaýjan, Erdebil, Semnan, Mazenderan ýaly ýurduň demirgazygynda ýerleşýän 9 welaýata ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýtdy.

Ýagyş sebäpli 1 adamyň ýogalandygyny aýdan Selimi, ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli 3 adamdan hiç hili habar alyp bilmändiklerini belledi.

Eýranly ýolbaşçylar sil sebäpli halka çadyr we azyk kömeginiň paýlanandygyny mälim etdi.

 


Etiketkalar: #Eýran , #sil apaty , #çadyr , #azyk

Degişli Habarlar