ABŞ-e degişli uçargöter gämisi Ortaýer deňizine baryp ýetdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna degişli uçargöter gämisi (awianoses) hyzmatdaşlara we partnýorlara goldaw bermek maksady bilen Ortaýer deňizine bardy

ABŞ-e degişli uçargöter gämisi Ortaýer deňizine baryp ýetdi

ABŞ-niň Harby flody, USS Harry Truman uçargöter gämisi bilen özüne ýoldaşlyk edýän hüjüm toparynyň, Ortaýer deňizinde 6-njy flodyň gözegçilik edýän sebitinde operasiýa başladandygyny habar berdi.

Operasiýanyň “NATO hyzmatdaşlaryna, Ýewropadaky we Afrikadaky partnýorlaryna, koalisiýadaky hyzmatdaşlaryna we ABŞ-niň we Ýewropadaky we Afrikadaky milli howpsyzlyk bähbitlerini dowam etdirmek üçin” geçirýändigi mälim edildi.

6-njy flodyň serkerdesi Liza Françetti, USS Harry Truman uçargöter gämisiniň Ortaýer deňizinde mahaly ähli golaýdaky deňiz operasiýalaryna gatnaşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar