Steffan de Mistura Idlib ylalaşygyndan hoşal

De Mistura BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine Siriýadaky syýasy wakalar barada maglumat berdi

Steffan de Mistura Idlib ylalaşygyndan hoşal

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Siriýanyň Idlib welaýatynda hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň goralmagy meselesinde gazanylan ylalaşykdan hoşal.

De Mistura BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine Siriýadaky syýasy wakalar barada maglumat berdi.

Russiýanyň Soçi şähedinde gazanylan ylalaşyga laýyklykda uly howp astynda bolan 3 million adamyň goralyp saklanjakdygyny nygtan De Mistura “Prezident R. T. Erdogana we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine eden tagallalary üçin sagbolsun aýdýaryn. Duşuşykdan oňyn netije alyndy we ylalaşygyň gysga wagtda güýje girmegini tama edýaris” diýdi.

Idlibde krizisiň öňüniň alynandygyny emma aladalandyryjy başga bir wakanyň başdan geçirlendigine we düýn Siriýada rus harby uçarynyň urlup düşürlendigine ünsi çeken Mistura, taraplara dartgynlyklara meçew berjek harby hereketlerden gaça durulmagy barada çagyryş berdi.

 

 


Etiketkalar: Idlib , Steffan De Mistura , BMG

Degişli Habarlar