Polşa ABŞ-den harby baza gurmagyny isledi

Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampa, ýurdunda “Trampyň galasy” diýip atlandyryljak bir Amerikan harby bazasynyň gurulmagy barada çagyryş berdi

Polşa ABŞ-den harby baza gurmagyny isledi

Tramp we Duda Ak Tamda geçiren duşuşygyndan soň, umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Duda metbugat ýygnagynda Polşada guruljak Amerikan bazasyndan hoşal boljakdyklaryny habar berdi.

Bazany “Trampyň galasy” diýip atlandyrjakdyklaryny aýdan Duda: “Muny edip biljekdigimize ynanýaryn. Bu kararyň hem Polşanyň hem-de ABŞ-niň bahbidine laýyk geljekdigini pikir edýärin” diýdi.

Polşanyň Ýewropada strategik bir pozisiýasynyň bardygyny aýdan Duda: “Biziň ýurdumyzda Amerikan esgerleriniň bolmagy möhüm, bu ABŞ-niň bähbidine hem laýyk geler” diýdi.

“Trampa bu babatda kepillik berdim” diýen Duda: “Ilkinji we möhüm nokat: Eger ABŞ-niň goşunynyň hemişelik bazasy bolsa, Russiýanyň sebitdäki işjeňligini çaltlandyrjakdygy, Ýewropanyň bu sebitinde harby barlygyny artdyrjakdygy we howpsyzlygynyň howp astyna girjek bir ýagdaý boljakdygyny aýdyp bilmeris” diýip belledi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bolsa öz gezeginde Polşa bilen harby gatnaşyklaryň artdyryljakdygyny, emma bu ýurtda hemişelik bir harby bazanyň gurulmagyny maslahatlaşjakdyklaryny habar berdi.

Polşanyň bu baza üçin özlerine 2 milliard dollar teklip edilendigii aýdan Tramp: “Polşa öz topraklarynda ýerleşmegimiz üçin ABŞ-e uly goşant goşmaga taýýar. Eger muny edip bilýän bolsalar, onda ony maslahatlaşyp bileris. Bu pikir Polşanyňky we biz muny özara maslahatlaşýarys” diýdi.


Etiketkalar: baza , ABŞ , Polşa

Degişli Habarlar