Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleri parahatçylyk üçin bilelikde tagalla ederler

Ýonhap habarlar agentligi Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleri duşuşygy bilen bagly habar paýlaşdy

Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleri parahatçylyk üçin bilelikde tagalla ederler

Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýanda duşuşyk geçiren Günorta Koreýanyň Döwlet ýolbaşçysy Mun Çže In bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn parahatçylyk üçin bilelikde tagalla etjekdikleri barada söz berdiler.

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Mun we Kim geçirýän gepleşikleriniň ilkinji gününde resmi agşam naharyna duşuşyk geçirdiler.

Iki lider kynçylyklara we potensial meselelere garamazdan parahatçylyk we umumy durnuklylyk üçin umumy ýagdaýda tagalla etjekdiklerini nygtadylar.

Kim Çen Yn bilen geçirjek duşuşygy we 3 günlik saparyň çäginde düýn Phenýana giden Mun Çže In, Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaraglardan dolulygyna saplanmagy we parahatçylygyň ýola goýulmagy ýaly meseleleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny emele getirendigini mälim etdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim bilen aralarynda ynam we dostlyk gatnaşygyň bardygyny aýdan Mun: “Parahatçylyk we ýadro ýaraglaryň ýok edilmegi etaby ýaňadandan başlady. Hiç kimiň tejribe edinmedigi bir gelejek duryp bileris” diýdi.

Naharda söz sözlän Kim bolsa Mun bilen duşuşmagynyň, Koreýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň we parahatçylygyň Koreýa halky üçin taryhy bir pursatdygyny belledi.

Kim mundan başgada Muna ynanýandygyny belläp, munyň parahatçylykly we eşretli bir Koreýa üçin dogry ädimleri çaltlandyrjakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar