"Ysraýyly uçarmanlaryň jogapkärçiliksiz hereketi sebäpli 14 rus esgeri ýogaldy"

rus yçary Ysraýylyň howa hüjümleri sebäpli Siriýa degişli S-200 howadan goranyş ulgamy tarapyndan urlup düşürildi

"Ysraýyly uçarmanlaryň jogapkärçiliksiz hereketi sebäpli 14 rus esgeri ýogaldy"

Russiýanyň Goranmak ministrligi düýn Siriýada ýiten rus harby uçarynyň Ysraýylyň howa hüjümleri sebäpli Siriýa degişli S-200 howadan goranyş ulgamy tarapyndan urlup düşürlendigini habar berdi.

Ministrlikden berlen beýanatda düýn Hmeýmim harby bazasynyň golaýynda 14 esger bilen radardan çykan Il-20 kysymly uçaryň Siriýanyň ýaragly güýçleriniň S-200 goranyş ulgamyndan uçurlan raketa tarapyndan urlup düşürlendigi nygtaldy.

Beýanata görä, ysraýylly uçarmanlar uçary Siriýanyň howadan goranyş ulgamynyň  ýerleşýän giňişligine tarap alyp gitdi we galkan hökmünde ulandy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow “Il-20 uçarymyz Siriýa degişli S-200 ulgamy tarapyndan urlup düşürildi” diýdi.

Uçaryň ysraýylly uçarmanlaryň jogapkärsizligi sebäpli düşürlendigini aýdan Konaşenkow “Ysraýyl tarapynyň bu hereketini duşmançylyk hökmünde häsiýetlendirýäris. Ysraýyly uçarmanlaryň jogapkärçiliksiz hereketi sebäpli 14 rus esgeri ýogaldy. Bu Russiýa-Ysraýyl gatnaşyklaryna bap gelmeýär” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 14 esgeri alyp barýan Il-20 kysymly rus harby uçarynyň Ortaýer deňziniň üstünden geçip barýarka radardan çykandygyny habar beripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar