“Siriýada rus uçarynyň urlup düşürilmegi pajygaly wakalaryň zynjyry hökmünde görünýär"

Putin Ortaýer deňzinde rus uçarynyň gurlup düşürilmegini “uly pajyga” hökmünde analiz etdi

“Siriýada rus uçarynyň urlup düşürilmegi pajygaly wakalaryň zynjyry hökmünde görünýär"

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ortaýer deňzinde rus uçarynyň gurlup düşürilmegini “uly pajyga” hökmünde analiz etdi.

Putin Siriýanyň hökümeti tarapyndan urlup düşürlen rus uçary hakynda beren beýanatynda “Siriýada rus uçarynyň urlup düşürilmegi pajygaly wakalaryň zynjyry hökmünde görünýär. Moskwa bu wakadan soň Siriýadaky harby güýçleriniň howpsyzlygynyň güýçlendirilmegi üçin çäre görer” diýdi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň Siriýada rus harby uçarynyň urlup düşürilmegi wakasy sebäpli Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigi nygtaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ysraýylly we Russiýaly harby ýolbaşçylaryň wakadan soň yzygiderli ýagdaýda gepleşik geçirýändiklerini habar berdi.

 



Degişli Habarlar