Rus harby uçary Ortaýer deňzinde radardan çykdy

Russiýanyň Hmeýmin harby bazasyndan gaýdyp gelýän uçaryň Ortaýer deňziniň üstünden geçip barýarka radardan çykandygy nygtaldy

Rus harby uçary Ortaýer deňzinde radardan çykdy

 

Russiýanyň Goranmak ministrligi 14 esgeri alyp barýan Il-20 kysymly rus harby uçarynyň Ortaýer deňziniň üstünden geçip barýarka radardan çykandygyny habar berdi.

Ministrlik tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň Hmeýmin harby bazasyndan gaýdyp gelýän uçaryň Ortaýer deňziniň üstünden geçip barýarka radardan çykandygy nygtaldy.

Beýanatda uçaryň Ysraýyla degişli 4 sany F-16 kysymly harby uçaryň Siriýanyň Latakiýe şäherinde guran hüjüminden soň ýitendigi nygtaldy.

Beýanatda şeýle hem Fransuz ýaragly güýçleriniň Ortaýer deňzindäki fyrkadyndan sebite raketa hüjüminiň guralandygynyň anyklanylandygy öňe sürüldi.

 

 



Degişli Habarlar