ABŞ Hytaýa 10 göterimlik goşmaça gümrük salgydyny goýar

Tramp ABŞ-nyň Söwda wekilhanasyna Hytaý boýunça ikinji gümrük salgydy bukjasynyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin görkezme berdi

ABŞ Hytaýa 10 göterimlik goşmaça gümrük salgydyny goýar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hytaýdan import edilýän ýene-de 200 milliard dollarlyk haryda 24-nji sentýabrdan başlan 10 göterim gümrük salgydynyň goýuljakdygyny beýan etdi

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýannama görä Tramp ABŞ-nyň Söwda wekilhanasyna Hytaý boýunça ikinji gümrük salgydy bukjasynyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin görkezme berdi.

200 milliard dollara golaý harydy gyzyklandyrýan tarifleriň bir hepde güýje girjekdigini beýan eden Tramp; “Şu gün 7 hepde dowam eden bildiriş möhletinden, geňeşmelerden we giňeldilen maslahatlardan soň Söwda wekilhanasyna Hytaýdan edilen 200 milliard dollara barabar import boýunça goşmaça tarifleri güýje girizmek barada görkezme berdim. 24-nji sentýabrda güýje girjek we ýylyň ahyryna çenli 10 göterim derejesinde dowam etjek tarifler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň 25 göterime ýetiriler” diýdi.

Tramp dünýäniň ykdysady taýdan güýçli iki ýurdunyň arasyndaky “söwda söweşiniň” gerimini giňeltmegine garaşylýan beýannamasynda Hytaý garşylyk görkezen halatynda Hytaýdan import edilýän 267 milliard dollara barabar haryt boýunça üçünji tarif bukjasynyň dessine güýje girjekdigini nygtady.

Hytaýyň hökümetini “ýurduň adalatsyz söwda düzgünlerini bes etmäge” çagyran Tramp; “Men bu söwda meselesiniň uly sarpa goýýan adamlarymdan biri bolan Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin bilen men tarapyndan çözüljekdigini tama edýärin” diýip nygtady.

ABŞ-nyň häzirki wagta çenli eden hemaýat ediji söwda başlangyçlaryna degişli jogaplar beren resmi Pekiniň 200 milliard dollarlyk haryt baradaky ikinji tarife nähili garşylyk görkezjekdigi gyzykly bolmagynda galýar.

Resmi Waşington deňiz önümlerinden sport elligine, tebigy we himiki minerallardan gök we miwe önümlerine, temmäki önümlerinden awtoulag tigirine çenli 5 müň görnüşli 200 milliard dollara barabar harytlaryň sanawyny 10-nji iýulda çap edipdi.

Şol sanawdaky harytlara gümrük salgydynyň goýulmagynyň Amerikan firmalaryna nähili täsir ýetirjekdigini kesgitlemek üçin 60 günlük möhlet 6-njy sentýabrda gutarypdy.

ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky “söwda söweşiniň” başlangyjy hökmünde kabul edilýän wakalar Trampyň 23-nji martda import edilýän polada we alliýumine nobaty bilen 25 we 10 göterimlik goşmaça gümrük salgydyny goýmagy bilen başlady.

Hytaý resmi Waşingtonyň polada we alliýumine goýan goşmaça gümrük salgytlaryna jogap hökmünde aprel aýynyň başynda 128 görnüşli Amerikan harytlaryna 15 bilen 25 göterim arasynda üýtgeýän tarifler goýdy.

 


Etiketkalar: söwda , ABŞ , gümrük salgydy , salgyt

Degişli Habarlar