Poroşenko Russiýa bilen Dostlukly gatnaşyk etmek baradaky ylalaşygy bes etdi

Poroşenko Ukraina bilen Russiýanyň “Dostluk, Hyzmatdaşlyk we Arkalaşyk Gatnaşyklary Baradaky” ylalaşygy bes etdi

Poroşenko Russiýa bilen Dostlukly gatnaşyk etmek baradaky ylalaşygy bes etdi

Ukrainanyň Prezidenti Petr  Poroşenko Ukraina bilen Russiýanyň “Dostluk, Hyzmatdaşlyk we Arkalaşyk Gatnaşyklary Baradaky” ylalaşygy bes edilmegi baradaky karary tassyklady

Poroşenko tarapyndan tassyklanan we Ukrainanyň Prezidentiniň internet saýtynda neşir edilen karar bilen Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky Dostluk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygy bes edildi.

Ukrainanyň Prezidentiniň Metbugat gullugyndan berilen ýazmaça beýanatda kararyň Ukrainanyň Milli howpsyzlyk we goranyş geňeşi tarapyndan şol ylalaşygyň uzaldylmazlygy barada üstümizdäki aýyň 6-da kabul eden kararyna laýyklykda tassyklanandygy nygtalýar.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 1997-nji ýylyň 31-nji maýynda gol goýulan ylalaşyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň başlangyç ylalaşyklaryndan biri hökmünde kabul edilýän bolsa, iki ýurt şol bir wagtda-da “strategik hyzmatdaş” hökmünde häsýetlendirilýärdi.

 



Degişli Habarlar