Florensiýa tupany sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

ABŞ-niň gündogar kenarlaryna öz täsirini ýetirýän Florensiýa tupany sebäpli ýogalýan adamlaryň sany 17-ä ýetdi

Resmiler tupan sebäpli emele gelen sil apaty we güýçli ýel sebäpli Demirgazyk Karolinada 11 adamyň, Günorta Karolina ştatynda bolsa 6 adamyň ýogalandygyny habar berdiler.

Ýogalan adamlaryň iň soňkusynyň 3 aýlyk bäbekdigi we ýaşaýan öýüniň üstüne agajyň gaçmagy sebäpli ýogalandyny mälim etdiler.

Tupan sebäpli ençeme öýi suw basdy.

Resmiler Demirgazyk Karolinada we Günorta Karolinada sil suwlaryna garşy ätiýaçly bolmak barada duýduryş berýärler.

Demirgazyk Karolinadaky Kape Fear derýasynyň suwlarynyň barha ýokarlaýandygy we birnäçe günüň dowamynda hanasyndan çykyň biljekdigi mälim edildi.

Demirgazyk Karolina ştatynyň Wilmington şäherinde güýçli ýel sebäpli agaçlar ýykyldy, ençeme öýi suw basdy, sürüjiler suwyň aşagynda galan ýollardan geçmekde kynçylyk çekýärler.

Şaheriň Polisiýa gullugy bir dükany we ýangyç desgasyny talandyklaryndan şübhe edilýän 6 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

Tupan sebäpli 2 müňden gowrak uçar sapary yza süýşürildi.

 10 million adama täsir ýetirjekdigi aýdylýan tupanyň, 170 milliard dollarlyk zelele sebäp boljakdygy çak edilýär.

Degişli Habarlar