Siriýada eýranly iki esger öldürildi

Siriýadaky çaknyşyklarda Eýranyň Ynkylap goragçylaryndan 2 esger öldürildi

Siriýada eýranly iki esger öldürildi

Tasnim habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Siriýadaky çaknyşyklarda öldürilen eýranly esger Asgar Ilýasi Elbrus welaýatynda geçirilen jynaza çäresinden soň jaýlandy. 

Fatimiýýun toparyndan Muhammed Nebi Muhammedi bolsa Kirman welaýatynda geçiriljek çäreden soň jaýlanar. 

Resmi bolmadyk hasabata görä Siriýadaky çaknyşyklarda öldürilen eýranly esgerleriň sany 2 müň 400 töwerekdigi habar berildi. 

 


Etiketkalar: esger , eýranly , Siriýa

Degişli Habarlar