Ženewada Siriýa meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi

2 sagatdan gowrak dowam eden maslahatdan soň Mistura we gatnaşyjylar beýanat bermedi

Ženewada Siriýa meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan De Misturanyň Müsüriň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, İordaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Britaniýanyň we Amerikanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Siriýa bagyşlanan maslahaty öz işini tamamlady

BMG-niň Ženewadaky ofisinde geçirilen we 2 sagatdan gowrak dowam eden maslahatdan soň Mistura we gatnaşyjylar beýanat bermedi.

BMG-niň ýörite wekili Misturanyň “kiçi topar” hökmünde atlandyran ýurtlar bilen geçiren maslahatynda syýasy çözgüt tapgyry, Konstitutsiýa toparynyň döredilmeginiň ýeňilleşdirilmegi baradaky taýarlyklaryň we beýleki degişli ugurlaryň seljerilendigi habar berildi.

ABŞ-nyň wekiliýetine Ženewada ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri we ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Žoel Raýborn we Fransiýa bolsa Prezident Emmanuel Makronyň Siriýa boýunça ýörite wekili Frasua Senemaud wekilçilik etdi.

Beýleki tarapdan BMG-niň Ženewadaky ofisiniň metbugat sekretary Alessandra Welluji Misturanyň hem hemaýatkär ýurtlar Türkiýeden, Russiýadan we Eýrandan resmiler bilen hepdäniň başynda geçiren Siriýa üçin Konstitutsiýa topary bilen bagly resmi maslahatlar, hem şu günki geňeşmeler bilen bagly 18-nji sentýabrda BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine maglumat berjekdigini nygtady.

 


Etiketkalar: BMG , maslahat , Siriýa

Degişli Habarlar