Russiýa bilen Ysraýyl howpsyzlyk taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk eder

Ysraýylyň Milli Howpsyzlyk geňeşiniň başlygy iş sapary bilen Moskwa bardy

Russiýa bilen Ysraýyl howpsyzlyk taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk eder

Iş sapary bilen Moskwa baran Ysraýylyň Milli Howpsyzlyk geňeşiniň başlygy Meir Ben Şabbat Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew bilen duşuşdy.

Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan berlen beýanatda taraplaryň Siriýadaky soňky ýagdaý, Ýakyn Gündogarda durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi, Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň lideriniň gatnaşmagynda 7-nji sentýabrda Tähranda geçirlen üçtaraplaýyn maslahat hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýanatda “Nikolaý Patruşew bilen Meir Ben Şabbat terrora garşy göreş we Russiýa bilen Ysraýylyň howpsyzlyk taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi meselesini seljerdi” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar