Ýaponlara “Az işläň” diýip duýduryş berildi

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, Zähmet we Bagtyýarlyk ministrligi halka azyrak işlemekleri barada çagyryş berdi

Ýaponlara “Az işläň” diýip duýduryş berildi

Ýaponiýada geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen ylmy-derňewleriň netijesinde uky bilen bagly möhüm subutnamalar ýüze çykdy.

Ýaşlary 20 we ondan ýokary bolan takmynan 6 müň 500 zenan we erkekler bilen, uky we edýän beýleki gündelik işleri bilen bagly sorag-jogap geçirildi.

Ýüze çykan netijelere görä sorag-jogaba gatnaşan erkekleriň 36,1 göterimi, zenanlaryň 42,1 göterimi günde 6 sagatdan hem az ýatýandyklary mälim boldy.

Ýaşa görä bolsa 40 töwerek ýaşlaryndaky adamlar, beýleki ýaşlara garanyňda 6 sagatdan az ýatýanlaryň arasynda iň ýokary derejä eýedigi aýan boldy.

40 töwerek ýaşlaryndaky erkekleriň 48,5 göterimi, şol ýaş toparyndaky zenanlaryň bolsa 52,4 göterimi her gün 6 sagatdan hem az ýatýandygy mälim boldy.

5 sagatdan az ýatýan ýaponlaryň sany bolsa erkekleriň arasynda 7,5 göterim, zenanlarda bolsa şol mukdar 9,2 göterimdigi anyklandy.

Ýaponiýada ýeterlik derejede dynç almaýandyklaryny şikaýat edýän adamlaryň sany 2009-njy ýyldan bäri barha artýar.


Etiketkalar: uky , göterim , işlemek , Ýaponiýa

Degişli Habarlar