Londondan Pariže uçýan taksi

Britaniýanyň Vertical Aerospace kärhanasy sagatda tizligi 300 km ýetip bilýän uçýan taksileri 2022-nji ýylda hyzmata bermegi maksat edinýär

Londondan Pariže uçýan taksi

Times gazedinde berilen habara görä kärhana tarapyndan oýlanyp tapylan häzirki taksi sagatda 160 km ýetip bilýär. 

Bu tizligiň ilki bilen sagatda 300 km, soň bolsa 500 km ýetirilmegi maksat edinilýär. 

Taksiler hyzmata berileninden soň ýolagçylar, Britaniýanyň paýtagty Londondan, Fransiýanyň paýtagty Pariže uçýan taksi bilen gidip bilerler. 

Uçyş zolagyna gerek bolmadan dik ýokaryk galyp we dik aşan gonup bilýän ulagyň, howa menzillerindäki ýüki azaltmagy we ýolagçylaryň howa menzillerindäki uzyk proseduralardan azat etjekdigi pikir edilýär. 

 


Etiketkalar: Britaniýa , Fransiýa , Pariž , London

Degişli Habarlar