Germaniýa, Russiýa çagyryş berdi

Maas Germaniýanyň Siriýada öz jogapkärçiligini ýerine ýetirýändigini belledi

Germaniýa, Russiýa çagyryş berdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa Russiýanyň Idlib sebiti başda bolmak bilen Siriýada adam heläkçiliginiň başdan geçirilmezligi üçin jogapkärçilik almagyna garaşýandygyny aýtjakdygyny habar berdi.

Heiko Maas Federal Mejlisdäki býujet gepleşikleriniň çäginde eden çykyşynda, ýurdunyň Siriýadaky çözgüt bilen bagly jogapkärçilik almaýandygy baradaky tankydy belliklere garşy çykdy.

Nemes hökümetiniň Siriýada çözgüt tapmak maksady bilen eýýäm ençeme aý bäri ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Saud Arabystany, Türkiýe we Russiýa bilen gepleşikler geçirýändigini aýdan Maas, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň anna güni Berlinde boljakdygyny ýatlatdy.

Maas: “Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa, Russiýanyň Idlib we Siriaýda adam heläkçiliginiň öňüniň alnmagy babatynda jogapkärçilik almagyna garşýandygymyzy aýdaryn” diýdi.

Germaniýanyň Siriýada öz jogapkärçiligini ýerine ýetirýändigini aýdan Maas, bu ýurdyň ýaňadandan gurulmagynda we asuda ýaşaýyşa geçişinde syýasy etaba goşuljakdygyny habar berdi.


Etiketkalar: Russiýa , Heiko Maas , nemes , Germaniýa

Degişli Habarlar