Russiýa we Hytaý dowamly häsýetde harby türgenleşik geçirerler

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Hytaý bilen dowamly häsýetde harby türgenleşik geçirmek babatynda ylalaşandyklaryny habar berdi

Russiýa we Hytaý dowamly häsýetde harby türgenleşik geçirerler

TASS habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, hytaýly kärdeşi Wei Fenghe bilen Wostok-2018 atly harby türgenleşigiň geçirilýän ýerleriniň biri bolan Tsugol bazasynda duşuşyk geçirdi.

Sergeý Şoýgu Wostok-2018 atly harby türgenleşiginde Rus-Hytaý harby hyzmatdaşlygyna ünsleri çekip: “Şular ýaly ýagdaýda harby türgenleşik geçirmek babatynda ylalaşdyk” diýdi.  

Fenghe bolsa öz gezeginde iki ýurdyň harby hyzmatdaşlygynyň hem özgerýändigini hem-de strategikdigini belledi.

Wostok-2018 atly harby türgenleşige 300 müňe golaý esger, 1 müňden gowrak uçar, dikuçar, uçarmansyz howa ulagy, 36 müňe golaý taňk, sowutly we beýleki harby tehniki ulaglar bilen 80-e golaý gämi gatnaşýar.

Türgenleşige Hytaýyň we Mongoliýanyň Ýaragly güýçleri hem gatnaşýar.



Degişli Habarlar