Müsüriň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrleri Idlib barada pikir alyşdy

Beýanatda iki kärdeşiň duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde Idlibiň başynda durmagynda Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy bellenildi

Müsüriň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrleri Idlib barada pikir alyşdy

Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şükrüniň Saud Arabystanly kärdeşi Adil Al Jubeýr bilen Idlib meselesi hakynda pikir alyşdy we syýasy çözgüt etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi babatynda ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.

Müsüriň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda ministr Şükrüniň Arap ligasynyň Daşary işler ministrleriniň 150-nji maslahatynyň çäginde Saud Arabystanly kärdeşi Jubeýr bilen duşuşandygy nygtaldy.

Beýanatda iki kärdeşiň duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde Idlibiň başynda durmagynda Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy bellenildi.

Beýanatda Samih Şükrü bilen Al Jubeýriň BMG-nyň ýolbaşçylygyndaky Siriýa gepleşikleriniň syýasy taýdan çözülmegi etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi we konstitutsiýa komitetiniň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazandygy ýatladyldy.

 

 


Etiketkalar: Idlib , Saud Arabystany , Müsür

Degişli Habarlar