"Meniň bilen oýna, telefon bilen däl"

Germaniýanyň Gamburg şäherinde çagalar, öz maşgalalaryna we uly adamlara manly bir çäre gurady.

"Meniň bilen oýna, telefon bilen däl"

Havadiskibris internet saýtynda berilen habarlara görä 7 ýaşyndaky Emil Rustige tarapyndan gurnalar çärede ene-atalar telefon bilen köp wagt geçirýändikleri tankyt edildi. 

Çagalar geçiren demonstrasiýalarynda öz ene-atalaryna duýduryş berip "Meniň bilen oýna, telefon bilen däl", "Uçuş režimi açyk, indi nobat mende", "Biz örän seslidiris, siz ykjam telefonyň ekranyna seredýärsiňiz", "Meniň bilen gürleş, ykjam telefonyň bilen däl", "Çagalara wagt bölüp aýyryň" ýazgyly şygarlar göterdiler. 

Demonstrasiýa 150 çaga gatnaşyp, protesti ene-atalar hem tomaşa etdi. 

 


Etiketkalar: telefon , çagalar , Germaniýa

Degişli Habarlar