Karen Piers: “Erdogana goşulýarys”

Karen Pries Prezident Erdoganyň “Wol Strit Jornal” gazetinde Siriýanyň İdlib welaýaty baradaky makalasyny nazarda tutup: “Prezident Erdogana goşulýarys” diýdi

Karen Piers: “Erdogana goşulýarys”

Britaniýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Karen Piers Prezident Erdoganyň “Wol Strit Jornal” gazetinde Siriýanyň İdlib welaýaty baradaky makalasyny nazarda tutup: “Prezident Erdogana goşulýarys” diýdi.

BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi Russiýanyň islegine laýyklykda Prezident R.T.Erdoganyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň anna güni Tähranda geçiren ýokary derejeli maslahatynyň netijelerini we İdlibdäki soňky şertleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mejlis geçirdi.

Geňeşiň mejlisinde çykyş eden  Britaniýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Karen Piers: “Siriýanyň hökümeti we Russiýanyň İdlibe hüjüm etmegi bilen Türkiýäniň terorçylara garşy göreşmeginden biri saýlanyp alynmaly Türkiýäniň İdlib boýunça meýilnamasy bar; “oppozisionerler terrorçylara garşy göreşýärkä hökümet olara hüjüm etmesin.” Geňeş şuny ara alyp maslahatlaşmaly” diýdi.

Karen Pries Prezident Erdoganyň “Wol Strit Jornal” gazetinde Siriýanyň İdlib welaýaty baradaky makalasyny nazarda tutup: “Prezident Erdogana goşulýarys” diýdi.

ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Heli bolsa Russiýa bilen Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň İdlibe guraýan hüjümlerinde barrel bombalaryny we raketalary ulanandygyny, hassahanalaryň bombalanandygyny beýan etdi.

Heli: “Rehimsiz goşa zarba hüjüm guraýarlar: hökümete degişli güýçler bir ýeri bombalaýar, birinji hüjüm üçin gelenlere garaşyp, gaýtadan urýar. Bu hünärmen esgerlik däl, elhenç terrorçy usuly” diýdi.

Russiýanyň Siriýada parahatçylyk üçin wagty boşa geçirmegi bes etmelidigini aýdan Heli; “Russiýa we Eýran Siriýada goşant goşujy hökmünde ynamdarlyklaryny görkezmek üçin ähli şertlere eýedi. Şol pursatlara näme boldy? Öz güýçleri çaknyşyksyzlyk ylalaşygyny gülkünç we durnukly ýagdaýda basgyladylar” diýdi.

Russiýanyň İdlibdäki pajygany bes etmäge güýjüniň ýetýändigini nygtan Heli; “İdlibde hüjüm guralan halatynda dartgynlyk möwjär. Asad, Russiýa we Eýran ýoluny dowam etdirse, netijesi agyr bolar we dünýä olary jogapkär saýar” diýdi.

 


Etiketkalar: Erdogan , BMG , Britaniýa

Degişli Habarlar