Hindistanda nebit-himiýa fabriginde partlama boldy

Hindistanyň nebit-himiýa fabrigindäki gaz tankeriniň partlamagy sebäpli 6 adam heläk boldy, 6 adam ýaralandy

Hindistanda nebit-himiýa fabriginde partlama boldy

“Hindistan Taýms” gazetiniň habar bermegine görä içeri işler bölüminiň işgari Umeş Kumar Sing, Uttar Pradeş welaatynyň Bižnor etrabynda ýerleşýän nebit-himi fabriginde işçiler metan gazy tankerini abatlaýarka mahaly partlama boldy.

Sing heläkçilikden soň 3 adamyň dereksiz ýitendigini, halas ediş işleriniň başlandygyny beýan etdi.

Ýerli halk işçileriň tankeriň içindäki gazyň boşadylman abatlanmaga synanşylandygy sebäpli partlandygyny öňe sürýär.


Etiketkalar: partlama , gazet , Hindistan

Degişli Habarlar