Guterreş Türkiýä, Russiýa we Eýrana çagyryş etdi

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterreş Türkiýä, Russiýa we Eýrana Siriýanyň İdlib welaýatyndaky söweşiň öňüni almak hem-de asuda ilatyň goralmagy üçin ähli şertlerden ýerlikli peýdalanmaga çagyrdy

Guterreş Türkiýä, Russiýa we Eýrana çagyryş etdi

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterreş BMG-niň ştab kwartirasynda žurnalistlere beren beýanatynda, İdlibde uly howpyň bardygyny nygtap, gana bulanan Siriýada urşuň geriminiň giňelmeginiň öňi alynman halatynda ozal görülmedik pajyganyň ýüze çykjakdygyny beýan etdi.

İdlibde ýaşaýan 3 milliona golaý ilatyň ýarysynyň ozal ýurtlaryndan mahrum edilendigini ýatladan Guterreş; “Ýaşaýyş durmuşlary kadasyzlaşdy we gidere ýerleri ýok” diýdi.

Guterreş İdlibiň Siriýadaky çaknyşyksyz zolaklardan soňkusydygyny we gana bulanmaly däldigini nygtady.

İdlibdäki şertleriň agyrdygyny we terrorçylara ýol berilmeli däldigini aýdan Guterreş, terrorçylyga garşy göreşilýärkä halkara borçlaryň hem ýatdan çykarylmaly däldigini beýan etdi.

Siriýa meselesine syýasy çözgüdiň tapylmalydyny her pursatda beýan etjekdigini nygtan Guterreş; “Ýeterlik derejede ejir çeken adamlary goramak ählimiziň borjy” diýdi.


Etiketkalar: çagyryş , Idlib , BMG

Degişli Habarlar